Tomitsa ösüş ugrunda hökümet edaralarynda, şeýle hem hökümete dahylsyz we işewürlik pudaklarynda 20 ýyldan gowrak işlemek bilen baý tejribe toplady. Ol BMGÖM-niň edarasynda 15 ýyl gowrak mundan ozal işläp başlady we şol döwürde dürli pudaklarda we ýokary wezipelerde öz işini alyp bardy. Ol 2020-2021-nji ýyllarda Gyrgyzystanda BMGÖM-niň Hemişelik wekiliniň orunbasary bolup, meýilnamalara we edaranyň alyp barýan işlerine ýolbaşçylyk etdi. Maksatnamalary dolandyrmak boýunça jogapkär işgär bolup işlän döwründe, ol sanly özgerişikler, täsirli (ýerli we milli) dolandyryş, sosial taýdan jebisleşme, inklýuziw ösüş, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak ýaly mowzuklara gönükdirilen maksatnamalara ýolbaşçylyk etdi. Ol BMGÖM-niň edaralaryna, hökümete, halkara maliýe guramalaryna, raýat jemgyýetine we ösüş boýunça beýleki hyzmatdaşlara strategik taýdan ýerlerşiş boýunça goldaw berdi. Tomitsa hökümet edaralarynda işläp, durnukly ösüş, maýa goýumlary, iş gurşawy, sanly dolandyryş we daşky gurşawy goramak boýunça ykdysady we salgyt syýasatlaryny utgaşdyrmak ugrunda tejribe toplady. Tomitsanyň korporatiw işewürlik pudagyndaky tejribesi strategik taýdan ýerlerşişiň üstünde işlemek, täze önümleri çykarmak we hyzmatlary işläp düzmek, şeýle hem ösüş ugrunda täze mümkinçilikleri açmaga gönükdirilen çylşyrymly taslamalary utgaşdyrmak bilen baglanyşyklydyr. Tomitsanyň işewürlik ykdysadyýeti we maliýe ugrunda magistr derejesi bar. Ol çernogor, iňlis we italýan dillerinde gepleýär.