Çykyş ediji barada

Serdar Jorayev - Founder

Maýkl Lisfeldt

«S&P Global Commodity Insights» kompaniýasynyň ylmy-barlag işleri boýunça müdiri

Maýkl Lisfeldt – himiýa we energetika pudaklarynda uly tejribesi bolan halkara derejeli ýolbaşçydyr. Häzirki wagtda ol Abu Dabide (BAE) ýaşaýar we 2023-nji ýyldan bäri S&P Global Platts kompaniýasynda işleýär. Ol bu ýerde energetika we nebithimiýa pudaklarynyň bütindünýä bazarlary boýunça seljeriş barlaglara we hünärmen nukdaýnazaryndan bahalandyrmaga goşant goşýar. Ol öň ADNOC kompaniýasynyň düzümine girýän poliolefin öndüriji bölüminde ýokary wezipeleriň birini eýeledi we bu ýerde bütindünýä täjirçilik işini ösdürmäge we bazar strategiýalaryny optimizirlemäge jogapkär hökmünde bellenildi. Jenap Lisfeldtyň iş tejribesi işi Amerika, Aziýa we Ýewropa yklymlaryny öz içine alyp, strategiki we amaly makdatlary üstünlikli amala aşyryp bilýän ýolbaşçy hökmünde özüni tanatdy. Jenap Lisfeldt öz hünär ýolunyň dowamynda Arlanxeo (Saudi Aramco bilen bilelikdäki kärhana), LANXESS Specialty Chemicals we Dow Chemical ýaly öňdebaryjy halkara kompaniýalarynda baş wezipeleri eýelemegi başardy. Bu guramalarda ol täjirçilik işi, önümçilik dolandyryşy we üpjünçilik zynjyryny dolandyrmak babatda çuňňur bilim we tejribe gazandy. Innowasiýany, netijeliligi we durnukly ösüşi ileri tutup, ol çylşyrymly bütindünýä üpjünçilik zynjyrlarynda bahanyň yzygiderli ýokarlanmagyny gazandy. Energetika we himiýa senagatynyň çalt üýtgeýän şertlerinde onuň halkara tejribesi bilen berkidilen ulgamlaýyn dolandyryş çemeleşmesi ony gymmatly hünärmen hökmünde görkezýär.