Beata Peksa
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi
Beata Peksa 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellendi. Bu wezipä bellenilmezden ozal Beata Peksa Polşanyň Daşary işler ministrliginde Merkezi Aziýa boýunça toparyň ýolbaşçysy bolup işledi.
Beata Peksa 1991-nji ýylyň maý aýynda Polşa Respublikasynyň Prezidentiniň Kanselariýasynyň Milli Howpsuzlyk Müdirliginde işe girip, polýak administrasiýasynda öz hünär ýoluna başlady. Ol ýerde esasan Polşanyň howpsuzlyk ulgamyny özgertmek we ýurduň Demirgazyk Atlantik bileleşigine we Ýewropa bileleşigine girmegine taýýarlyk görmek ýaly howpsuzlyk syýasaty bilen meşgullandy.
1996-njy ýylda hanym Peksa Daşary işler ministrligine işe geçdi we şol ýerde Howpsuzlyk syýasaty bölüminiň müdiri, Ýewropa syýasaty böýunça müdiriniň orunbasary, şeýle hem Gündogar hyzmatdaşlygy meseleleri boýunça ministriň ýörite wekili ýaly wezipeleri ýerine ýetirdi.
Özüniň zähmet ýolunyň dowamynda hanym Peksa Polşa Respublikasynyň BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki hemişelik wekilhanasynyň orunbasary (2002-2007), Brýusselde ýerleşýän Ýewropa Bileleşiginiň Syýasy we Howpsuzlyk gullugynda Polşa Respublikasynyň ilçisi (2008-2013), şeýle hem Yrak Respublikasynda Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi ýaly wezipelerde işledi.
Hanym Beata Peksa Warşawa uniwersitetiniň (UW) žurnalistika we syýasat ylymlary boýunça magistr derejesini, şeýle hem Ýewropa gözlegleri (UW) we jemgyýetçilik psihologiýasy boýunça (SWPS uniwersiteti) diplomlary alýar.