Çykyş ediji barada

Serdar Jorayev - Founder

Filipp Merlin

Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi

Filipp Merlen Parižiň Syýasy barlaglar institutyny tamamlady. Ol 986-1989-njy ýyllar aralygynda Pariždäki Fransiýanyň Daşary işler ministrliginiň işgärler bölüminde zähmet ýoluna başlady. 1993-nji ýyldan 1996-njy ýyla çenli ol Niderlandiýanyň Gaaga şäherinde ýerleşýän Fransiýanyň ilçihanasynyň ikinji sekretary wezipesinde işledi. 2006-njy ýyldan 2009-njy ýyla çenli ol Finlýandiýanyň Helsinki şäherindäki Fransiýanyň ilçihanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary wezipesinde işlän. 2015-nji ýyldan 2018-nji ýyla çenli ol Owganystanyň Kabul şäherindäki Fransiýanyň ilçihanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary wezipesinde işlän. Soňra, 2018-nji ýyldan 2021-nji ýyla çenli ol Mongoliýanyň Ulan-Bator şäherinde adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi bolup işledi. 2023-nji ýylyň 16-njy maýynda Filipp Merlin Fransiýanyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi.