Çykyş ediji barada

Serdar Jorayev - Founder

Françesko La Kamera

International Renewable Energy Agency Baş direktory

Françesko La Kamera – International Renewable Energy Agency (IRENA) baş müdiri. Ol 2019-njy ýylyň 4-nji aprelinde işe başlady we howa, durnukly ösüş, hem-de halkara hyzmatdaşlyk ugurlarynda otuz ýyldan gowrak tejribesi bar. Jenap La Kaamera öz wezipesinde Agentlaryň agzalary bilen IRENA-nyň hyzmatdaşlyygy esasynda düzülen maksatnamalaryň hem-de strategiýalaryň ýerine ýetirilişine ýolbaşçylyk (gözegçilik) etmek üçin jogapkärdir. Howanyň üýtgemeginiň şertlerinde we durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirer ýaly, jenap La Kamera öz agzalarynyň isleglerini kanagatlandyrmak üçin Agentligiň gurluşyny we işini täzeden gözden geçirmek tabşyryldy. Onuň baştutanlygynda Agentlik BMG guramalary, şol sanda UNDP, UNCCC we ýaaşyl klimat fondy (Green Climate Fund), şeýle hem maliýe guramalary bilen köpsanly täze strategiki hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Onuň öz işinde ileri tutýan ugry has netijeli hereketlere esaslanýan usuly ornaşdyrmakdyr. Ondan öň jenap La Kamera 2014-nji ýyldan bäri Ýewropa Bileleşiginiň Italiýadaky daşky gurşawy, ýeri we deňzi goramak ministrliginde, durnukly ösüşi we halkara gatnaşyklary boýunça baş direktory bolup işledi. Öz wezipesinde ol köp ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk şertnamalaryny baglaşmak ugrunda öz goşandyny goşdy. Howanyň, daşky gurşawy goramagyň, resurslardan peýdalanmagyň netijeliligini artdyrmak we ykdysadyýetiň milli ugrukdyryjysy hökmünde UNFCCC-iň COP 21-24-de delegasiýasynyň baştutany hem-de ÝB-niň COP 20-inde ýolbaşçylyk etdi.