Siýun Szou
BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) Baş direktorynyň orunbasary, Tehniki Hyzmatdaşlyk we Durnukly Senagat Ösüşi müdiriýetiniň dolandyryjy direktory
Tehniki Hyzmatdaşlyk we Durnukly Senagat Ösüşi müdiriýeti BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatyndaky kadalaşdyryjy işini ýerine ýetirýär, şeýle hem daşky gurşawy goramak, energetika hem-de kiçi we orta göwrümli kärhanalar ulgamlarynda durnukly senagat ösüşini üpjün etmek üçin strategiýalaryň, çäreleriň durmuşa geçirilmegine goldaw berýär we olary höweslendirýär. Bäsdeşlige ukyplylygy öňe sürmek we iş orunlaryny döretmek hem sanlylaşdyrmagyň we emeli intellektiň ösdürilmegi müdiriýet üçin täsir etmegiň esasy ugurlary bolup durýar.
UNIDO gelmezinden ozal, ol Hytaýyň Maliýe ministrliginiň Halkara departamentinde Baş direktor wezipe wezipesini ýerine ýetiripdi, şeýle hem Bütindünýä bankynda Hytaýyň ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary, şeýle hem Hytaýyň Global Ekologiýa Gaznasynyň amaly işleri boýunça milli kordinatory bolup işledi.