Çykyş ediji barada

Serdar Jorayev - Founder

Serdar Nazarow

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň rektory

1996-njy ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň fizika hünärini tamamlady we «fizik, fizika mugallymy» hünärini aldy. 1996-2012-nji ýyllarda Türkmen Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda uly mugallym, kafedra müdiri wezipesinde işledi. 2012-2019-njy ýyllarda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde uly mugallym, kafedra müdiri wezipesinde işledi.02.2019-07.2019-njy aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda “Döwlet apparatynyň gullukçylarynyň hünärini ýokarlandyrmak” boýunça okuwuny geçdi. 2019-nji ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň rektory wezipesine bellenildi.