Çykyş ediji barada

Serdar Jorayev - Founder

Batyr Mämmedow

Türkmen Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory

1995-nji ýylda orta mekdebini tamamlap Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Nebit we gaz fakultetine okuwa giren. 2000-nji ýylda instituty “Nebitgaz känlerini ulanmak we özleşdirmek” hünäri boýunça üstünlikli tamamlap dag inženeri kwalifikasiýasyny aldy. 2000-2004-nji ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky Döwlet agentliginde maglumat boýunça baş referenti wezipesinde işledi. 2004-2008-nji ýyllarda Türkmеnistanyň Ministrlеr Kabinеtiniň Nеbitgaz sеnagaty bölüminiň esasy hünärmеni wezipesinde işledi. 2008-2017-nji ýyllarda “Türkmengaz” döwlet konserniniň Ylmy barlag tebigy gaz institutynyň esasy inženeri, uly ylmy işgäri, barlaghananyň müdiri, bölümçe müdiri wezipelerinde işledi. 2015-nji ýylda tehniki ylymlarynyň kandidaty alymlyk derejesine eýe boldy. 2017-2024-nji ýyllarda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinde işledi. 2024-nji ýylyň iýul aýyndan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesinde işleýär.