Çykyş ediji barada

Serdar Jorayev - Founder

Toýguly Nurow

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri

Toýguly Nurow 2001-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetini tamamlady. 2002-nji ýylda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginde harby gullukçy bolup zähmet ýoluna başlady. 2010–2020-nji ýyllar aralygynda Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmensenagat» agentliginiň «Türkmensement» döwlet kärhanasynyň «Kelete» sement zawodynyň direktory wezipesine çenli dürli wezipelerde işledi. 2020-nji ýylyň fewralyndan maý aýyna çenli Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Bäherden» sement zawodynyň önümçilik meýdançasynyň başlygy, soňra bolsa direktory wezipesine bellenildi. 2021-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2023-nji ýylyň fewral aýyna çenli Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Gurluşyk önümçiligi müdirliginiň başlygynyň orunbasary bolup işledi. 2023-nji ýylyň 16-njy fewralyndan häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesine bellenildi.