Hangeldi Kerimow
Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň başlygy
2011- nji ýylda Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutyny tamamlady. 2011- 2012-nji ýyllar aralygynda - « Türkmenawtoýollary » döwlet konserniniň « Balkanýolgurluşyk » önümçilik birleşiginiň Tehniki önümçilik bölüminiň başlygyň orunbasary bolup işledi. 2012-nji ýylda « Türkmenawtoýollary» döwlet konserniniň « Balkanýolgurluşyk » önümçilik birleşiginiň Tehniki önümçilik bölüminiň başlygy bolup işledi. 2014- 2015-nji ýyllar aralygynda « Türkmenawtoýollary » döwlet konserniniň « Balkanýolgurluşyk » önümçilik birleşiginiň baş inženeri bolup işledi. 2015- 2016-njy ýyllar aralygynda - « Türkmenawtoýollary » döwlet konserniniň Balkan welaýat Awtomobil ýollary ulanyş müdirliginiň Tehniki önümçilik bölüminiň baş hünärmeni bolup işledi. 2019-njy ýylda -«Türkmenaw toulaglar y» agentliginiň «Balkanawtoulag» önümçilik birleşiginiň baş inženeri bolup işledi. 2023-2024-nji ýyllar aralygynda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň baş inženeriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi bolup işledi. 2024-nji ýylyň sentýabr aýyndan häzirki wagta çenli Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň başlygy wezipesinde işleýär.