Aleksi Reşow
"Bouygues Turkmen" kompaniýasynyň Baş müdiri we "Bouygues Bâtiment International" kompaniýasynyň Merkezi Aziýa sebiti boýunça müdiri
Aleksi Reşow 1985-nji ýylda MGIMO ýokary okuwyny, 1993-nji ýylda Fransiýanyň Milli Administrasiýa Mekdebini (ENA) tamamlady. Ol daşary işler ministrliginde alty ýyl işläp, soňra Bouygues kompaniýasyna geçdi we şol ýerde 30 ýyla golaý işledi. 2012-nji ýyldan bäri ol, Turkmenistanda 68 taslamany amala aşyran, Bouygues Bâtiment International-yň iň uly şahamçalaryndan biri bolan Bouygues Turkmen-e ýolbaşçylyk edýär. Ol şeýle hem kompaniýanyň Merkezi Aziýada iş ösüşine hem gözegçilik edýär. Ol Fransiýada, Kiprde we Russiýada işledi. Ol Fransiýanyň daşary söwda gatnaşyklary boýunça maslahatçysy we Milli hyzmat ordeni bilen sylaglanyldy.