Çykyş ediji barada

Serdar Jorayev - Founder

Rahym Gandymow

Aşgabat şäheriniň häkimi

2003-nji ýylda Türkmen politehniki institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetine okuwa girdi we ony 2007-nji ýylda inžener-gurluşykçy hünäri boýunça tamamlady. 2005-nji ýylyň sentýabryndan 2008-nji ýylyň sentýabry aralygynda «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň «Türkmenýöritenebitgazgurnama» trestiniň 2-nji ýöriteleşdirilen gurnama edarasynyň 1-nji derejeli slesar-gurnaýjysy, soňra 3-nji derejeli slesar-gurnaýjysy wezipelerinde işledi. 2008-nji ýylyň sentýabryndan 2010-njy ýylyň iýuly aralygynda «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň Ruhabat etrabynda gurulýan desgalaryň direksiýasynyň tehniki gözegçilik bölüminiň inženeri wezipesinde işledi. 2010-njy ýylyň iýul-oktýabry aralygynda «Dost gurluşyk» hususy kärhanasynyň baş koordinatory wezipesinde işledi. 2010-njy ýylyň oktýabryndan 2011-nji ýylyň oktýabryna çenli «Hundaý AMKO Ko.LTD» şereketiniň şahamçasynyň administratiw direktory, soňra Gurluşyk bölüminiň başlygy wezipelerinde işledi. 2011-nji ýylyň oktýabryndan 2012-nji ýylyň fewraly aralygynda Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň Döwlet ygtyýarlylandyryş we hile gözegçilik merkeziniň Gurluşyga we gurluşyk materiallarynyň hiline gözegçilik bölüminiň iş alyp baryjysy wezipesinde işledi. 2012-nji ýylyň fewral-iýul aýlary aralygynda Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň Gurluşygyň hiline gözegçilik müdirliginiň başlygynyň orunbasary wezipesinde işledi. 2012-nji ýylyň iýulyndan 2014-nji ýylyň fewralyna çenli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Aýratyn möhüm we düýpli gurluşyklara gözegçilik bölüminiň esasy hünärmeni, soňra 2014-nji ýylyň fewralyndan 2019-njy ýylyň noýabryna çenli Gurluşyk hem-de aýratyn möhüm we düýpli gurluşyklara gözegçilik bölüminiň müdiri, 2019-njy ýylyň noýabryndan 2020-nji ýylyň ýanwaryna çenli Gurluşyk we jemagat hojalygy bölüminiň müdiri wezipelerinde işledi. 2020-nji ýylyň ýanwaryndan 2021-nji ýylyň iýulyna çenli Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministriniň orunbasary, soňra Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministri wezipelerinde işledi. 2021-nji ýylyň iýul aýyndan bäri Aşgabat şäheriniň häkimi wezipesinde işleýär.