Çykyş ediji barada

Serdar Jorayev - Founder

Erman Iliçak

"Rönesans Holding" kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy

1993-nji ýylda Dr. Erman Ilıçak “Rönesans Holding” kompaniýasyny esaslandyrdy, we indi ol dünýäniň 30-dan gowrak ýurdunda iş alyp barýar. 2009-njy ýyldan başlap, “Rönesans Holding” kompaniýasy Türkmenistan bilen bagly birnäçe ýokary derejeli gurluşyk we senagat taslamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdi. Dr. Ilıçak 1990-njy ýylda Orta Gündogar Tehniki Uniwersitetinden (METU) Inženerçilik boýunça diplom aldy. 2002-nji ýylda Wena Ykdysadyýet we Biznes Uniwersitetinden we Minnesota Uniwersitetinden bilelikde MBA (Iş dolandyryş magistraturasy) derejesini gazandy. Mundan başga-da ol 2011-nji ýylda Pariždäki Halkara Biznes Mekdebi bilen birleşip Biznes Dolandyryş boýunça ylymlaryň doktory derejesini aldy. 2014-nji ýyla çenli “Rönesans Holding” kompaniýasynyň Iş baradaky Başlygy wezipesini ýerine ýetirdi we häzirki wagtda onuň Başlygy bolup işleýär.