Rahymberdi Jepbarow
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy
Rahymberdi Jepbarow 2000-nji ýylda «Dünýä ykdysadyýeti we halkara gatnaşyklary» hünäri boýunça Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetini tamamlady. 2003-nji ýylda ol «Bank işi we maliýe» hünäri boýunça Belgiýadaky Antwerp Uniwersitetini okap gutardy. Zähmet işine 1998-nji ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň Dolandyryş bölüminiň hünärmeni bolup başlady. 2000-nji ýyldan 2008-nji ýyllar aralygynda Döwlet bankynda dürli wezipeleri eýeledi. 2007-nji ýylyň sentýabr aýyndan 2008-nji ýylyň aprel aýyna çenli Yslam ösüş bankynyň Ýerine ýetiriji direktory boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen 2008-nji ýylyň mart aýynyň 12-sinden Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellenen. 2008-nji ýylyň aprel aýynyň 23-den Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda Yslam ösüş bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy bolup bellendi. 2010-njy ýylyň 15-nji ýanwaryndan Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy wezipesine tassyklandy.