• info@tef-turkmenistan.com
  • +99312 41 40 08
  • +99371 62 22 38
  • ENG RUS TKM
    • Maslahat barada
      • Maslahat barada
      • Resmi goldaw
      • Konseptual Bellik
      • Maksatnama
      • Broşýura
      • Hasaba Alyş
      • Çykyş edýänler
      • FAQ
      • Duşuşyk üçin ýüz tutma
      • Gatnaşyjylaryň Sanawy
    • Syýahat gollanmasy
      • Syýahat gollanmasy
      • Wiza hasaba alyş
      • Uçuşyňyzy bronlaň
      • Myhmanhana bron etmek
    • Täzelikler
      • Täzelikler
      • Täzelikler üçin ýazylyň
  • ENG RUS TKM

    • All News

    «Türkmengaz» we «CNPC» täze şertnama gol çekdiler

    17 Apr 2026

    Paýtagtymyz Aşgabatda 16-njy aprelde Türkmenistan bilen Hytaýyň gaz pudagyndaky strategik hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi. Onuň çäklerinde «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmeginiň IV tapgyryny ulanyşa doly taýýar görnüşinde amala aşyrmak boýunça şertnama gol çekmek dabarasy boldy. Bu resminama Türkmenistan tarapyndan «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, Hytaý tarapyndan bolsa «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd» kompaniýasynyň başlygy Du Ýuýmin gol çekdiler. Ozal Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konsernine «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyrynyň çäginde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany we şol möçberde harytlyk gazy taýýarlamak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularyny taslamalaşdyrmak hem-de doly taýýar edip gurmak barada Hytaý Halk Respublikasynyň «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berlendigini habar beripdik. Maglumat üçin aýtsak, şu gün Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda Türkmenistanyň we Hytaýyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyrynyň özleşdirilmegine badalga bermek dabarasy geçirilýär.

    Pudaklar

    • Infrastruktura we gurluşyk
    • Energiýanyň diwersifikasiýasy
    • Arhitekturanyň häzirkizaman ugurlary
    • Senagat
    • Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy

    Sahypalar

    • Resmi goldaw
    • Poçta habarlara ýazylmak
    • Gatnaşyjylaryň sanawy

    Habarlaşmak

    • Telefon belgi: +993 12 41 40 08
    • Elektron poçta: info@tef-turkmenistan.com