• info@tef-turkmenistan.com
  • +99312 41 40 08
  • +99371 62 22 38
  • ENG RUS TKM
    • Maslahat barada
      • Maslahat barada
      • Resmi goldaw
      • Konseptual Bellik
      • Maksatnama
      • Broşýura
      • Hasaba Alyş
      • Çykyş edýänler
      • FAQ
      • Duşuşyk üçin ýüz tutma
      • Gatnaşyjylaryň Sanawy
    • Syýahat gollanmasy
      • Syýahat gollanmasy
      • Wiza hasaba alyş
      • Uçuşyňyzy bronlaň
      • Myhmanhana bron etmek
    • Täzelikler
      • Täzelikler
      • Täzelikler üçin ýazylyň
  • ENG RUS TKM

    • All News

    Türkmenistan BMG-niň Ösüşiň bähbidine ylym we tehnika boýunça komissiýasynyň agzalygyna biragyzdan saýlanyldy

    15 Apr 2026

    Türkmenistan 2027–2030-njy ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň ösüş maksatlary üçin Ylym we tehnika boýunça komissiýasynyň agzalygyna biragyzdan saýlanyldy. Bu çözgüt 8-nji aprelde Nýu-Ýorkda geçirilen BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň kömekçi edaralaryna saýlawlaryň dowamynda kabul edildi. Türkmenistan Komissiýanyň agzasy hökmünde öz ygtyýarlyklaryny 2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýerine ýetirip başlar. Agzalyk möhleti 2030-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli dowam eder. Türkmenistanyň bu ýöriteleşdirilen BMG Komissiýasynyň düzümine saýlanmagy ýurduň milli derejede ýeten sepgitleriniň hem-de ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça halkara we sebit derejesindäki tagallalara goşandynyň ykrar edilýändigini görkezýär. Şeýle hem ýurduň ylym, innowasiýa, sanlylaşdyrma we durnukly ösüş meseleleri boýunça ählumumy dialoga işjeň gatnaşmagy üçin goşmaça mümkinçilikleri açýar. Birleşen Milletler Guramasynyň ösüş maksatlary üçin Ylym we tehnika boýunça komissiýasy (Commission on Science and Technology for Development, CSTD) 1992-nji ýylda BMG ulgamynyň durnukly ösüş meselelerini çözmekde ylmyň we tehnologiýanyň ornuny güýçlendirmek boýunça tagallalarynyň çäklerinde döredilen BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň funksional komissiýasydyr. Komissiýa ylym, tehnologiýa we innowasiýalar babatda syýasaty ara alyp maslahatlaşmak hem-de olaryň durmuş-ykdysady ösüşe täsirini seljermek üçin BMG-niň merkezi hökümetara meýdançasy bolup çykyş edýär. Ol öz teklipleriniň üsti bilen Ykdysady we Durmuş Geňeşine maslahat beriji goldaw berýär, şeýle hem has giň manyda bu ugurdaky ählumumy gün tertibiniň kemala gelmegine ýardam edýär. Komissiýanyň mandaty ylmy we tehnologiýany ösüşe integrirlemek bilen baglanyşykly giň wezipeleri öz içine alýar. Hususan-da, Komissiýa: – Ykdysady we Durmuş Geňeşine ylym, tehnologiýa we innowasiýalar boýunça maslahat berýär; – tehnologiýa ulgamynda global tendensiýalary seljerýär; – durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin innowasiýalardan peýdalanmagy goldaýar; – ösüp barýan ýurtlaryň bu ugurlarda mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam edýär; – bilimleriň we öňdebaryjy tejribeleriň alyş-çalşygyny höweslendirýär; – halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürýär.

    Pudaklar

    • Infrastruktura we gurluşyk
    • Energiýanyň diwersifikasiýasy
    • Arhitekturanyň häzirkizaman ugurlary
    • Senagat
    • Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy

    Sahypalar

    • Resmi goldaw
    • Poçta habarlara ýazylmak
    • Gatnaşyjylaryň sanawy

    Habarlaşmak

    • Telefon belgi: +993 12 41 40 08
    • Elektron poçta: info@tef-turkmenistan.com