• info@tef-turkmenistan.com
  • +99312 41 40 08
  • +99371 62 22 38
  • ENG RUS TKM
    • Maslahat barada
      • Maslahat barada
      • Resmi goldaw
      • Çykyş edýänler
      • Broşýura
    • Täzelikler
      • Täzelikler
      • Täzelikler üçin ýazylyň
  • ENG RUS TKM

    • All News

    Pakistan bilen Türkmenistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmekçi

    26 Feb 2026

    Pakistan bilen Türkmenistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de sebitara arabaglanyşygy pugtalandyrmaga meýillidiklerini tassykladylar. Bu meseleler Pakistanyň federal energetika ministri Sardar Awais Ahmed Han Legari bilen Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamowanyň arasynda sişenbe güni Yslamabatda geçirilen duşuşygyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

    APP agentliginiň habar bermegine görä, taraplar ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirýän meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna üns jemläp, strategik ähmiýetli energetika pudagyna aýratyn ähmiýet berdiler.

    Pakistan bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda sebitara arabaglanyşygy ösdürmek meselesine aýatyn üns berildi. Taraplar durnukly energetika infrastrukturasyny kemala getirmegiň we serhetara taslamalary ilerletmegiň möhümdigini belläp, olary sebitde uzak möhletleýin energetika howpsuzlygyny we ykdysady integrasiýany üpjün etmegiň möhüm görkezijileri hökmünde garadylar.

    Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar energetika ulgamynda tagallalary ýakyndan utgaşdyrmagy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Pakistan bilen Türkmenistanyň özara bähbitlerine, şeýle hem sebitde durnuklylygyň we ykdysady ösüşiň pugtalandyrylmagyna ýardam berer diýlip garaşylýar.

    Pudaklar

    • Infrastruktura we gurluşyk
    • Energiýanyň diwersifikasiýasy
    • Arhitekturanyň häzirkizaman ugurlary
    • Senagat
    • Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy

    Sahypalar

    • Resmi goldaw
    • Poçta habarlara ýazylmak
    • Gatnaşyjylaryň sanawy

    Habarlaşmak

    • Telefon belgi: +993 12 41 40 08
    • Elektron poçta: info@tef-turkmenistan.com